- degenek
- 1) Elde tutmaga we bir zady urmaga örän oňaýly, ykjam, saldamly (taýak, palta we ş. m. hakynda).∙ Onuň iki çalçasyndan başga degenek paltasy-da bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Degenek ojar Artygyň depesinden inerli boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2) Göçme manyda Ykjam, çalasyn, gaýratly (adam).∙ Ol ýigrimi bäş ýaşlaryndaky degenek ýigit eken. («Tokmak» žurnaly)∙ Gyzdurdy hem degenek jahyl boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem degenek - degenegi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.